Türkmenistanyň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyna çykdylar
02 Awgust 2025
Türkmenistanyň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyna çykdylar

1-nji awgustdan Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyna çykdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda bellenilişi ýaly, ýolbaşçylar ýurduň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alarlar.

Ýolbaşçylar düzümi 4 — 8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bilen bagly ähli guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar.