Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi
04 Awgust 2025
Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Nyam-Osor Uhralyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada «Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, myhmany alyp gelen uçar Türkmenbaşy halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Mongoliýanyň wekiliýeti türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.

Mongoliýanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu halkara foruma gatnaşmagy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna goşant goşar.