Polşanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gutlag ýollady
28 Oktýabr 2025
Polşanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gutlag ýollady

Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskiý Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny ýollady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gutlagda, hususan-da, şeýle sözler bar:

– Hormatly jenap Prezident!

Polşanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklar ýola goýuldy we durnukly ösdürilýär. Mundan beýläk-de giň gerimli hyzmatdaşlygyň netijesinde bu gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda has-da berkidiljekdigine ynanýaryn.

Size we Türkmenistanyň ähli halkyna döwlet özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda hem-de Merkezi Aziýada howpsuzlygy berkitmek babatdaky tagallalaryňyzda rowaçlyklary, şeýle hem mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.