Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Litwa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýän ýokary derejeli özara saparlary we duşuşyklary guramagyň mümkinçilikleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Parlamentara dialogy ösdürilmeginiň zerurlygyny hem nygtaldy. Şunuň bien baglylykda, Türkmen-litwa parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş derejesine hem syn berildi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň ähmiýeti nygtaldy we onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň zerurlygy bellenildi.
Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky ulag arabaglanyşygy meselelerine garaldy. Bu ugurda litwa tarapynyň Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bildirildi.
Gepleşiklerde bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.
Taraplar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.