ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy üçünji möhlete saýlanmagyň mümkin däldigi gynandyrýar. Bu barada Ak tamyň başlygy Ýaponiýadan Günorta Koreýa uçarda barýarka žurnalistler bilen söhbetdeş bolanda aýtdy diýip, TASS habar berdi.
Habar beriş serişdeleriniň wekilleri Trampdan Wekiller palatasynyň başlygy Maýk Jonsonyň ABŞ-nyň häzirki Prezidentine üçünji möhlet üçin mümkinçiligi görmeýändigi barada aýdanlaryny düşündirmegi haýyş etdiler.
«Eger kanuny okasaňyz, size hemmesi düşnükli bolar, maňa saýlawa gatnaşmak bollmaýar. Örän gynanýaryn» diýip, amerikan Lideri jogap berdi.