Häzirki wagtda kömege mätäç çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde zerur bolan lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu günler Mary welaýatyndan kömege mätäç çagalaryň birnäçesi Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde degişli lukmançylyk bejergilerini alýarlar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mary welaýatynyň dikeldiş bejergilere mätäç çagalary Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergi alyp, öz okuw sapaklaryny dowam etmek şerti bilen Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergilerini alýarlar.
Bejergileri alan çagalar we olaryň ata-eneleri ýurtda ynsan saglygyny goramakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine alkyş sözlerini aýdýarlar.