Müsüriň uly şäherlerini ýokary tizlikli demir ýol ulgamy birleşdirer
15 Noýabr 2025
Müsüriň uly şäherlerini ýokary tizlikli demir ýol ulgamy birleşdirer

Müsürde geçen sergide ilkinji gezek «Velaro» otlusynyň täze nusgasy bilen tanyşdyryldy, ol tizligini sagatda 250 kilometre çenli ýokarlandyrmaga ukyplydyr. Bu otlynyň kömegi bilen ýolagçy gatnawy we möhüm ýükleriň daşalyşy has gysga wagtda amala aşyrylyp bilner diýip, CNN teleýaýlymy habar berdi.

Bu otlularyň bir bölegi Müsüriň üç ugur boýunça uly şäherlerini birleşdirjek uzynlygy 2 müň kilometr bolan ýokary tizlikli demir ýol gatnawlarynda ulanylar. Ol ilatyň 90 göterimine golaýy üçin elýeterli bolup, gatnaw wagtyny 50 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berer. Taslama 2018-nji ýylda tanyşdyryldy we «Arab Contractors» we «Orascom Construction» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Otlularyň parky ýowuz çöl şertlerinde işlemek üçin kämilleşdirildi hem-de çägeden, yssydan we tozandan goraýan ulgam bilen enjamlaşdyryldy.

Müsüriň ýokary tizlikli demir ýol zynjyry yklymda ilkinji däl. 2018-nji ýylda Marokko Tanžer bilen Kasablankany birleşdirýän Afrikada ilkinji şeýle demir ýol ugruny işe goýberdi diýip, «Belta.by» ýazýar.