Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy. Daşkentiň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.
Soňra döwlet sapary bilen Daşkende baran Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, dabaranyň dowamynda iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy, Hormat garawuly Prezidentleriň öňünden nyzamly geçdiler.
Soňra iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Bellenilişi ýaly, ertir – 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy çäreler geçiriler.