14-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 59-njy plenar mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, plenar mejlisiň dowamynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, standartlaşdyrmak, jemgyýetçilik howpsuzlygy, çagalaryň hukuklary boýunça Adalatçynyň instituty hakynda we beýleki nusgalyk kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu ýylyň dowamynda geçirilen medeni çäreler, okuw maslahatlary barada maglumatlar bilen çykyş edildi.
Mejlisiň işine gatnaşyjylar bu halkara çäräniň GDA agza ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem Parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine we sebitleýin integrasiýanyň güýçlendirilmegine uly itergi berjekdigini bellediler.
Bu mejlise Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan we Özbegistan Respublikalaryndan Parlament ýolbaşçylary, hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Şol güni wekiller Duşenbe şäherindäki Dostluk meýdançasynyň «Täjigistanyň Milli Birligi we Galkynyş» memorial toplumynda Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.