Lebap sement zawodynda önümçiligiň depgini barha artýar. Bu kuwwatly kärhanada ýylyň başyndan bäri öndürilen ýokary hilli sementiň möçberi 1 million 250 müň tonnadan geçdi.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, şu ýyl, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 297 müň tonna önüm köp öndürildi. Munuň özi önümçilikdäki artyşyň 31,1 göterime deň bolandygyny görkezýär.
Zawodyň bir ýylda 2 million tonna çenli sement öndürmäge mümkinçiligi bar. Çig maly Köýtendagdan alynýan semente içerki bazarda-da, dünýä bazarynda-da isleg uly.
Zerur gurluşyk serişdesiniň köp mukdarda öndürilmegi sarp edijiler üçin bahasynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär diýlip, habarda bellenilýär.