Hytaýyň dünýä awtoulag bazaryndaky paýy 38 göterime ýetdi
04 Dekabr 2025
Hytaýyň Ýeňil awtoulaglar assosiasiýasynyň (CAAC) Baş sekretary Suý Dunşu öz ýurdunyň awtoulag satuwlarynyň dünýä bazarynda artýandygyny habar berdi diýip, «carnewschina.com» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Dunşu 2025-nji ýylyň oktýabrynda awtoulag bazarynda Hytaýyň paýynyň 38 göterime deň bolandygyny, ýagny geçen ýyldakydan 1 göterim artandygyny, bu döwürde 3,3 million awtoulagyň ýerlenendigini habar berdi.
şeýle hem okaň: