Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan Bitaraplyk binasy açyldy
12 Dekabr 2025
Aşgabadyň günorta böleginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň hormatyna döwrebaplaşdyrylan Bitaraplyk binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölümçesiniň Baş direktory Tatýana Walowa çykyş etdiler.
Dünýä ýurtlarynyň baýdaklary bilen gurşalan binanyň merkezinde BMG-niň nyşany ýerleşdirilipdir.
şeýle hem okaň: