Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçirildi
01 Ýanwar 2026
Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçirildi

Şu gün, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen gelen 2026-njy ýylyň ilkinji gününde Arkadag şäheriniň we ýurduň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň al-asmana galdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçirildi

Täze ýylyň ilkinji gününde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde we ýurduň welaýatlarynda baýdak galdyrmak dabaralary bilen başlandy. Munuň özi ýurtda asylly däbe öwrülen çäräniň guramaçylykly geçirilýändigini alamatlandyrdy. Asylly ýörelge dabara gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Dürli reňkdäki howa şarlarynyň asmana uçurylmagy ýurtda şanly seneleriň hormatyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň dabaralara beslenýändigini äleme äşgär eden pursatlara öwrüldi. Baýramçylyga gatnaşýanlaryň şatlyk-şowhuny belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşyp, ýurtda berkarar bolan bagtyýar durmuşy aýan etdi.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralary geçirildi

Baýramçylyk baş arçalarynyň ýanynda guralan dabaralaryň derejesi has-da belent boldy. Bu ýerlerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk bagtyýar çagalar bilen bilelikde joşgunly sazlara goşuldylar. Çagalaryň şatlyklary, olaryň aýdym-sazlary belent heňde ýaňlanyp, guralan dabaralara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini çaýdy.