«Hyundai» awtoulag kärhanalarynda işlejek adam sypatly robot bilen tanyşdyryldy
07 Ýanwar 2026
«Hyundai» awtoulag kärhanalarynda işlejek adam sypatly robot bilen tanyşdyryldy

«Hyundai» awtokonsernine degişli bolan «Boston Dynamics» kompaniýasy Las-Wegasda geçýän CES 2026 sergisinde ilkinji gezek adam sypatly «Atlas» roboty bilen köpçüligi tanyş etdi. Bu waka gumanoid robottehnikasynyň ösüşinde möhüm ädim boldy hem-de «Tesla» ýaly iri tehnologik kompaniýalaryň arasynda bäsdeşligi güýçlendirdi. Bu barada «gazeta.ru» neşiri habar berdi.

Tanyşdyrylyş wagty «Atlas» ýerden özbaşdak galdy, sahnada ynamly ädim ätdi, tomaşaçylara el salgady, bedeniniň hem-de kellesiniň erkin hereketini görkezdi.

«Boston Dynamics» kompaniýasynyň gumanoid robotlar ugry boýunça baş menejeri Zakari Ýakowskiniň sözlerine görä, «Atlas» özbaşdak hereket edip we ýumuşlary bitirip bilýär. Häzirki wagtda robotyň köpçülikleýin önümçiliginiň üstünde işlenilýär. 2028-nji ýylda «Atlas» robotlary ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky «Hyundai» kärhanasynda elektrik ulaglaryny ýygnamaga kömek eder.