Germaniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady
08 Ýanwar 2026
Germaniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy täze, 2026-njy ýyl mynasybetli gutlady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti gutlag hatynda täze ýylda Türkmenistanyň Prezidentine hem-de halkyna rowaçlyk we bagtyýarlyk arzuw edýär.