Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem birnäçe sebitleýin we halkara meseleleriň hem üstünde durlup geçildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ýurduň daşary syýasatynyň ynsanperwer häsiýeti nygtaldy.