«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ awtobuslary sargyt etmek hyzmatyny hödürleýär
04 Fewral
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ awtobuslary sargyt etmek hyzmatyny hödürleýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti fiziki we ýuridiki şahslar üçin dürli kysymly häzirki zaman awtobuslaryny sargyt etmek hyzmatynyň elýeterlidigini habar berýär. Edara-kärhanalar we şahsy raýatlar öz maksatlaryna görä ulaglary amatly şertlerde kärendesine alyp bilerler.

Hödürlenýän hyzmat toý-dabaralary, syýahatlar, iş saparlary we işgärleri gatnatmak ýaly dürli çäreleri ýokary derejede guramak üçin niýetlenendir. Gatnawlar üçin bölünip berilýän ähli ulaglar tehniki taýdan doly sazlanan bolup, ýolagçylaryň howpsuzlygy we oňaýlylygy üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.

«Awtomobil ulag hyzmaty» ýolagçylara ynamly we amatly gatnawlary kepillendirýär.