Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy KAMAZ-6520 ýük awtoulaglaryna sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän raýatlary işe kabul edýär. Häzirki wagtda pudagyň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegi netijesinde, sürüjiler üçin döwrebap iş şertleri döredilýär we olaryň ygtyýaryna iň täze kysymly awtoulaglar berilýär.
Gyzyklanma bildirýän raýatlaryň «D» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy bolmaly. Türkmenistanyň ähli welaýatlaryň ýaşaýjylary kabul edilýär.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy: 760619, 760256.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy dürli awtoulaglarda, şol sanda ýük awtoulaglarynda, tirkeglerde we ýarym tirkeglerde ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.