Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly döwrebaplaşdyrylar
21 Fewral 2026
Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly döwrebaplaşdyrylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek we halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatyny paýtagtymyz bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, bu ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer bu taslamanyň ýük we ýolagçy gatnawlarynyň hilini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini nygtap, degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, ýoluň durkuny täzelemek we degişli işleri talabalaýyk guramak boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti