23-25-nji fewral aralygynda Germaniýanyň Halle şäherinde Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa – Merkezi Aziýa forumy geçirildi. Onuň işi bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Forumyň çäreleri Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasynda guraldy. Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow gatnaşdy.
23-nji fewralda Germaniýanyň Ylmy barlaglar, tehnologiýalar we kosmonawtika federal ministrliginiň döwlet sekretary Markus Plaýeriň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň GFR-däki ilçileriniň gatnaşmagynda "tegelek stol" duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen Z5+1 formatynyň çäklerinde ylym, barlaglar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Bilelikdäki beýannama gol çekildi. Ýurdumyzyň adyndan resminama Türkmenistanyň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow gol çekdi.
Türkmen diplomaty forumdaky çykyşynda Türkmenistanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky gazananlaryny belläp, Germaniýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Germaniýanyň Medeniýet geňeşiniň wise-prezidenti we Nemes arheologiýa birleşiginiň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Manfred Nawrotyň çykyşy foruma gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ol nemes alymlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda arheologik barlaglary geçirmäge goşan uly goşandyny belledi. Şunda Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleri bolan Nusaýyň, Goňurdepäniň we Merwiň ähmiýeti we özboluşlylygy hem nygtaldy.
Forumyň çäklerinde bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, akademiki elýeterlilik, ýaş alymlary goldamak we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.