Balkan welaýatynda 13 müň gektar ýere gowaça ekiler
28 Fewral
Balkan welaýatynda 13 müň gektar ýere gowaça ekiler
Şu ýyl ýurdumyzyň Balkan welaýaty boýunça 13 müň gektar ýere gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Şonça meýdandan 16 müň tonna pagta hasylyny almak meýilleşdirilýär. Bu sepgide ýetmek üçin welaýatyň ähli etraplarynda döwrebap şertler döredildi. Häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk toplumynyň işgärleri bugdaýa ideg bilen bir hatarda, gowaça ekişine taýýarlyk işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar. Olar gowaça ekiljek ýerleri tekizlemek, geriş çekmek ýaly işleri ýokary depginde berjaý etdiler. Gowaça tohumyny ýerli toprak-howa şertlerine görä saýlap alyp, ekişe doly taýýarladylar. Welaýatda gowaça ekişine taýýarlyk işleri üns merkezinden düşürilmeýär. Şu ýyl welaýatyň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, bugdaýyň «Alekseiç», «Bezostaýa-100» ýaly sortlary ekiler. Şeýle-de welaýat boýunça 50 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan şu ýylyň tomsunda 80 müň tonna guşgursak däne almak meýilleşdirilýär. Bu belent sepgide ýetmek üçin Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda amal edilýär. Çeşme: "Türkmenistan" gazeti