Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-ara syýasy geňeşmeleri geçirildi
02 Mart
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-ara syýasy geňeşmeleri geçirildi
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. 27-nji fewralda Bakuwda geçirilen geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, azerbaýjan tarapyna bolsa Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, duşuşykda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ulag-logistika hem-de energetika ulgamlarynda gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle-de duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň utgaşdyryjy hem-de bilelikdäki başlangyçlary öňe sürüji möhüm mehanizm hökmündäki esasy orny nygtaldy. Şunda işewür toparlaryň özara gatnaşyklaryny ösdürmek, telekeçileriň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmek we milli haryt öndürijileriň önümleriniň sergilerini guramak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygyndaky ulag-üstaşyr ulgamy babatynda hyzmatdaşlygyny berkitmekde we halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde strategik mümkinçiligini aýratyn nygtadylar. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem möhüm orna eýedigini bellediler. Şunda bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda akademiki alyşmalary ösdürmäge we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we özara bähbitli ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi