Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy taýýarlanylar
02 Mart
Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy taýýarlanylar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribeler üstünlikli amal edilýär. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine, bu ugurda ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkidilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti