Türkmenistanda ýapon dili boýunça suhangöýlük bäsleşigi geçirildi
02 Mart
Türkmenistanda ýapon dili boýunça suhangöýlük bäsleşigi geçirildi
27-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili boýunça dilewarlyk bäsleşigi geçirildi. Bu çärä Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosi gatnaşdy. Bäsleşige jemi 12 talyp gatnaşdy. Olaryň altysy erkin mowzukda, galanlary belli bir mowzukda çykyş etdiler. Şeýle hem ýapon dilini öwrenmekde gündelik ösüşlerini görkezdiler. Netijeler jemlenende, bilermenler topary çykyşlaryň mazmunyny, gowşurylyşynyň takyklygyny we ähli talaplaryň berjaý edilmegini göz öňünde tutdy. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda diplomlar we Ýaponiýa tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi