Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we «Arkadag» futbol toparynyň nyşanyny Türkiýäniň iň beýik dagyna galdyrdylar
10 Mart 2026
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we «Arkadag» futbol toparynyň nyşanyny Türkiýäniň iň beýik dagyna galdyrdylar
1-nji martdan 6-njy marta çenli aralykda «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar. Olara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan degişli ýardam berildi. Bu başlangyç 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» şygary, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de sport diplomatiýasyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk düşünjelerini we milli gymmatlyklary berkitmek maksady bilen guraldy. Alpinist ýörişine türkmenistanly talyp, tejribeli alpinist ýolbaşçylyk etdi. Agry dagynyň depesine, 5137 metr beýiklige ýetilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, «Arkadag» futbol klubunyň nyşany hem-de 2026-njy ýylyň nyşany dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen, bu doganlyk ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň we sport janköýerleriniň başlangyjy boýunça Ankara, Antalýa şäherlerinde ýurdumyzyň «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparlary döredildi. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi