Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly teklipleri makullady
14 Mart 2026
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly teklipleri makullady
13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu sergä döwletimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. “Munuň özi dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elekton gazeti