Gahryman Arkadagymyz we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy medeni gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar
10 Aprel 2026
Gahryman Arkadagymyz we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy medeni gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy aprelde Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda özboluşly döredijilik birleşmesi bolan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine aýratyn orun degişlidir. Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen döredilen bu orkestriň iki ýurduň zehinli sungat ussatlaryny bir ýere jemläp, Gündogar bilen Günbataryň arasynda özboluşly sungat köprüsini emele getirýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ilerletmäge goşýan goşandyny belläp, bu jemgyýet bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Öz gezeginde, Neda Berger alyp barýan işine berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.