Türkmenistanyň kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär
20 Aprel 2026
Türkmenistanyň kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli möhüm meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 11-nji aprelde geçirilen parlament maslahatynda adam hukuklaryny goramak, senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy, migrasiýa we ýol hojalygy ýaly ugurlar boýunça birnäçe täze kanunlar kabul edildi.

Häzirki wagtda Mejlis tarapyndan dürli pudaklardan gelip gowuşýan teklipler seljerilýär we täze kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem hasabatda türkmen parlamentarileriniň Daşkent şäherinde geçirilen sirkulýar ykdysadyýet boýunça sebitara dialoga gatnaşandyklary bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň we täze kanun taslamalarynyň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleriň ýurdumyzyň ykdysady we syýasy ösüşinde uly orun tutýandygyny aýratyn belledi.