Oba hojalyk toplumynyň öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
20 Aprel 2026
Oba hojalyk toplumynyň öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýew gowaça ekişini bellenen möhletde tamamlamak we ekin meýdanlarynda ilkinji agrotehniki ideg işlerini geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Hasabatda galla oragy möwsümine taýýarlyk görülmegine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň galla kabul ediş nokatlarynyň, elewatorlarynyň we däne ýygyjy kombaýnlarynyň işe doly taýýar edilýändigi mälim edildi. Şonuň bilen birlikde, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek we suwaryş akabalaryny arassalamak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyklar görülýär. Wise-premýer baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrosenagat toplumyny yzygiderli ösdürmegiň we gowaça ekişiniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlaryna ideg etmek we galla oragyna berk binýat döretmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň durmuşynda uly orun tutýandygyny nygtap, ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.