Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysady we bank ulgamyny ösdürmäge degişli birnäçe wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Mejlisiň dowamynda maliýe ulgamynyň işini halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat diňlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Maliýe we ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň karz edaralarynyň hem-de banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygyny halkara standartlara laýyklykda barlamak baradaky meýilnamalar barada hasabat berdi. Bu işler Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna we buhgalterçilik hasaba alnyşyny özgertmek baradaky kabul edilen döwlet maksatnamalaryna esaslanýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli bank ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmekde we onuň dünýäniň maliýe giňişligine işjeň goşulyşmagynda audit barlaglarynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklibi makullady we bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bank edaralarynyň maliýe hasabatlylygynyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmagyň döwrüň möhüm talabydygyny aýratyn belledi. Wise-premýere banklaryň işini kämilleşdirmek we halkara audit barlaglaryny ýokary hilli geçirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.