Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň opera günleri we Weli Muhadowyň ýubileýi belleniler
20 Aprel 2026
Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň opera günleri we Weli Muhadowyň ýubileýi belleniler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Bahar Seýidowa Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Häzirki wagtda şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede guramak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan türki halklaryň umumy maddy we medeni gymmatlyklaryny goramakda hem-de akyldar şahsyýetleriň mirasyny dünýä ýüzünde wagyz etmekde TÜRKSOÝ bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Wise-premýer bu halkara medeni çäreleri geçirmek baradaky degişli teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara medeni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen opera konsertine we medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.