Türkmenistanyň we BMG-niň wekilleri parahatçylyk medeniýetini ilerletmek ugrundaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
20 Aprel 2026
Türkmenistanyň we BMG-niň wekilleri parahatçylyk medeniýetini ilerletmek ugrundaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Antalýada geçirilen bäşinji diplomatiýa forumynyň çäklerinde, 18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalar bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy bu barada habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar parahatçylyk medeniýetini ilerletmek, siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmek hem-de özara düşünişmegi berkitmek ugurlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň netijeli dialogy ösdürmekde hem-de ählumumy ölçegde özara düşünişmegi berkitmekde täsirli gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň parahatçylykly ýaşaýyş medeniýetini ilerletmek boýunça halkara tagallalara goşant goşmaga hem-de netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.