Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatyna salgylanyp, "Biznes Türkmenistan" saýty habar berdi.
Bellenilişi ýaly, yglan edilen bäsleşik alty sany lot boýunça geçirilýär. Oňa görä, awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek boýunça işler dört bölekden ybarat bolar.
Göz öňünde tutulýan işleriň çäklerinde ýoluň ugrunda täze awtomobil köprüsi gurlar we bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi abatlanylar.
"Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň degişli resminamalary we teklipleri halkara açyk bäsleşik çap edilen gününden soň 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär" diýlip, habarda aýdylýar.