Astana şäherinde 22-nji aprelde Sebitleýin ekologiýa sammiti geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda bu forumyň sebitde ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri iň ýokary döwlet derejesinde çözmekde täze bir tapgyrdygyny belledi. Döwlet Baştutany sebitdäki ekologik wehimlere, hususan-da, suw serişdeleriniň azalmagyna we çölleşmä garşy bilelikde göreşmegiň zerurdygyny nygtady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň howa tehnologiýalary we çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlaryny ýene-de bir gezek öňe sürdi. Bu düzümleriň sebitde ekologik töwekgelçilikleriň öňüni almakda we milli düzümler bilen tejribe alyşmakda möhüm gural boljakdygy bellenildi. Şeýle hem ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmak we bu ugurda halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklip edildi.
Serhetüsti suw serişdelerini peýdalanmak meselesinde Türkmenistanyň aýdyň garaýşy beýan edildi. Prezident suw meseleleriniň halkara kadalaryň esasynda, ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak we BMG-niň gatnaşmagynda çözülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek baradaky teklip gaýtalandy.
Döwlet Baştutany Hazar deňziniň we Aral deňziniň ekologiýasyny goramak meselelerine hem aýratyn üns berdi. Hazar ekologik başlangyjynyň ähmiýeti bellenilip, şu ýylyň oktýabr aýynda ýokary derejeli täze maslahatyň geçiriljekdigi habar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa forumynyň sebitiň halklarynyň abadançylygy üçin möhüm çözgütleri taýýarlaýan netijeli meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.