Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Sebitleýin ekologiýa sammitinde çykyş edip, häzirki wagtda biziň hemmämiziň çynlakaý ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyzy, durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemeginiň bu wehimleriň esasysy bolup durýandygyny aýtdy.
“Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürýär” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we bu düzümleriň öz işini amala aşyrýan obýektlerine ýakyn ýerleşmeginiň ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil, amaly tejribä daýanyp garşy durmaga, olaryň öňüni almagyň we ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemäge, milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny beýan etdi.
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler. Ýurdumyz, şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzi sebitine girýän döwlet bolup, Hazar deňziniň ähli ekologik meseleleri babatda işjeň çykyş edýär.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini, halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga hem-de utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatdy.
Sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ýakyn wagtda ol Aşgabatda öz işine başlar.
“Aral meselelerine garanymyzda, biz olary çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki birnäçe möhüm ekologik wehimlerden aýra göz öňüne getirip bolmaz diýen ýörelgeden ugur alýarys. Biziň çuňňur ynamymyza görä, ekologik howpsuzlyk meselelerine Merkezi Aziýanyň durmuş hem-de ykdysady abadançylygyny, sebitiň ösüşiniň we rowaçlygynyň kesgitleýji şerti hökmünde ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek boýunça umumy wezipäniň aýrylmaz bölegi hökmünde bitewülikde garamak zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady hem-de öňde duran işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.