Türkmenistan Merkezi Aziýada suw diplomatiýasynyň täze nusgasyny we üç esasy ýörelgäni öňe sürýär
23 Aprel 2026
Türkmenistan Merkezi Aziýada suw diplomatiýasynyň täze nusgasyny we üç esasy ýörelgäni öňe sürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde Sebitleýin ekologiýa sammitiniň dowamynda ýurdumyzyň suw diplomatiýasy boýunça strategik garaýyşlaryny we täze başlangyçlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň sebitdäki durnukly ösüşiň esasydygyny aýratyn nygtady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça Sebit geňeşini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu geňeş sebitde suw ulgamyndaky tagallalary utgaşdyrýan, açyklygy üpjün edýän we döwletleriň bähbitlerini deň derejede goraýan täsirli halkara gural bolup biler.

Serhetüsti suw meselelerini çözmekde Türkmenistan üç sany esasy ýörelgä berk eýerýär. Birinjiden, bu meseleler suw boýunça esasy halkara konwensiýalaryň we beýleki halkara namalaryň kadalaryna berk laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Bu bolsa suwdan peýdalanmakda hukuk binýadynyň berk bolmagyny üpjün edýär.

Ikinjiden, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleri deň derejede we adalatly göz öňünde tutulmalydyr. Türkmenistanyň garaýşyna görä, suw serişdeleriniň paýlanyşy sebitiň ähli halklarynyň we ýurtlarynyň ösüş isleglerine hyzmat etmelidir.

Üçünjiden, suw meselesiniň kadalaşdyrylmagyna halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy zerurdyr. Türkmenistan BMG-niň goldawy bilen geçirilýän gepleşikleriň sebitde özara ynamy we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýar.