Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, 24-nji aprelde Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenmetbugat" web saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet-sungat işgärleri, bagşy-sazandalar, tansçylar, folklor toparlary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar hem-de täze jaýa göçüp gelen atçylyk pudagynyň işgärleri we olaryň bagtyýar maşgalalary gatnaşdylar.
Ähli amatlyklary bolan täze jaýlaryň ýanynda medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşan dabara uly şatlyk-şowhuna beslendi.
Dabaranyň dowamynda ussat atşynaslar täze öýleriň açarlaryny çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul edip, ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegi ugrundaky aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Çärä gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynda döredilen amatly şertler bilen hem tanyşdylar.