Birnäçe ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutladylar
11 Maý 2026
Birnäçe ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutladylar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Baştutany Waagn Haçaturýan we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bilen gutladylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanlary öz gutlag hatlarynda halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan jebisliginiň, dostlugynyň ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary türkmen kärdeşine berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.