BMG-niň ýokary derejeli maslahatynda Türkmenistanyň şähergurluşyk tejribesine ýokary baha berildi
25 Maý 2026
BMG-niň ýokary derejeli maslahatynda Türkmenistanyň şähergurluşyk tejribesine ýokary baha berildi

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanalarynyň, halkara bilermenleriň hem-de daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara «tegelek stol» maslahaty guraldy. «Global dialog arkaly iş ýüzünde durmuşa geçirmek: durnukly, inklýuziw we “akylly” şäherler» diýlip atlandyrylan bu çärede häzirki zaman dünýäsinde şäherleri ösdürmegiň iň kämil ýörelgeleri we öňdebaryjy tejribeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak, innowasion şäher taslamalaryny durmuşa geçirmek we durnukly ösüşiň täze nusgalaryny goldamak barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Maslahatda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýä derejesinde şäherleşme meýilleri diňe bir ýurtlaryň däl, eýsem sebitleriň ykdysady durnuklylygyna, maýa goýum babatda özüne çekijiligine hem-de global ekologik wehimlere uýgunlaşmagyna gönüden-göni täsir edýär. Şeýle okgunly ösüş şertlerinde döwrebap şäherler halkara tehnologiýalary alyşmagyň we innowasiýalary ilerletmegiň esasy merkezine öwrülýärler. Häzirki wagtda tutuş dünýäde, aýratyn-da Merkezi Aziýa sebitinde «akylly» şäher konsepsiýalaryna uly ähmiýet berilýär. Şunda adamlaryň ýaşaýşy üçin ekologik taýdan arassa, amatly we iň täze sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen şäher gurşawyny kemala getirmek boýunça milli çemeleşmeleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şähergurluşyk ulgamynda dünýä nusgalyk we iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň toplan baý tejribesi halkara bilermenleriň ünsüni çekdi. Köpetdagyň ajaýyp eteginde ýerleşýän we özüniň binagärlik keşbi bilen ekologik taýdan arassa şäherleriň hatarynda tanalýan paýtagtymyz Aşgabadyň, şeýle-de sebitde deňi-taýy bolmadyk innowasion «akylly» Arkadag şäheriniň nusgalyk bolan gurluşyklary ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň subutnamasydyr. Çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar durnukly we inklýuziw şäherleri gurmakda halk köpçüligine amatly şertleri döredýän Türkmenistanyň bu ugurdaky syýasatyna ýokary baha berdiler hem-de munuň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidigini aýratyn bellediler.