Türkmenistan emeli aň boýunça Başarnyklar merkezini döretmegi meýilleşdirýär
06 Iýun 2026
Türkmenistanda «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň binýadynda emeli aň boýunça Başarnyklar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PMÝF-2026) «Sanly geljek: ösüşiň umumy ugurlary, wehimler we çözgütler» atly bölümçesinde eden çykyşynda mälim etdi. Bu barada «Türkmentelekom» web sahypasynda habar berildi.
Ministriň aýtmagyna görä, täze merkez ylmy-barlag işlerini geçirmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen meşgullanar. Şol bir wagtyň özünde ministrlik halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ulag-üstaşyr geçelgelerini dolandyrmakda, nebitgaz pudagynda çaklamalary amala aşyrmakda we oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda emeli aňy ulanmak boýunça synag taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.
Hudaýgulyýew soňky üç ýylyň dowamynda ýurtda halkara internet kanallarynyň geçirijilik ukybynyň on esse artandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý sanly hyzmatlaryň, elektron söwdanyň we serhetüsti maglumat alyş-çalşygynyň ösdürilmegi üçin berk binýat döredýär. Ministr Türkmenistanda emeli aňyň, uly maglumatlaryň (Big Data), blokçeýn tehnologiýalarynyň we kiberhowpsuzlygyň ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde görülýändigini aýtdy. Şeýle hem emeli aň çözgütleriniň bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ulag pudaklarynda eýýäm ornaşdyrylýandygyny nygtady.
şeýle hem okaň: