Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
17 Iýun 2026
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Taraplar Sammitiň taýýarlyk işleriniň barşyny, jemleýji resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.