Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti baradaky Kararnamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi
18 Iýun 2026
Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti baradaky Kararnamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň alty resmi dilinde çap edildi.

Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ähli resmi dillerinde çap edilmegi resminamanyň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilenden soňra onuň resmileşdirilişini tamamlaýar we Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň arasynda giňden ýaýradylmagyny üpjün edýär.

Kararnama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda bitaraplyk syýasatynyň ornuny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öňüni alyş diplomatiýasyny, araçyllygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe täze amaly başlangyçlary göz öňünde tutýar.