Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň premýer-ministri strategiki hyzmatdaşlygynyň gözýetimini giňeltdiler
20 Iýun 2026
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň premýer-ministri strategiki hyzmatdaşlygynyň gözýetimini giňeltdiler

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri Malaýziýanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ýoly geçendiklerine ünsi çekdi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýändiklerini aýdyp, munuň üçin Malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.