Dünýä liderleri Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutladylar
29 Iýun 2026
Dünýä liderleri Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutladylar

Birnäçe ýurtlaryň Prezidentleri we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Lideri we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanlar Türkmenistan bilen dostlukly halklaryň bähbidine çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirldiler.

Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Günorta Koreýanyň, Belarusyň we Ukrainanyň Prezidentleri, Ermenistanyň we Russiýanyň Premýer-ministrleri, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary gutladylar.