Ýakynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim ýurdumyza resmi sapary amala aşyryp, hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň çäklerinde Premýer-ministriň hoşniýetli dostlugyň we çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza sport motoulagyny gowşurmagy taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezinde dabara geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň özüne sowgat berlen motosikli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine gowşurmak baradaky çözgüdi ministrligiň ähli işgärleriniň, içeri işler edaralarynyň weteranlarynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň we türgenleriniň şatlygyna şatlyk goşdy. Bu ýerde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Içeri işler ministrligine sowgat beren motosiklleriniň sergisi guraldy. Onda Malaýziýanyň Premýer-ministri tarapyndan berlen “Honda” motoulagyna möhüm orun berildi.
Şeýle hem türgenler täze motosikli sürüp gördüler we Sport-ulag merkeziniň türgenleşik meýdançasynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdylar. Motoulagyň tizligi we ykjamlygy dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.
Dünýä möçberindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin döredilen bu sport motosikliň ýokary çydamlylygy we dolandyrş takyklygy kämillige tarap ymtylyşyň nyşanydyr. Munuň şeýledigini onuň tehniki häsiýetnamalary-da tassyklaýar. Onuň iň ýokary kuwwaty 121 at güýjüne deňdir.