Horwatiýadaky forumda Türkmenistan parahatçylyk medeniýetini we dialogy pugtalandyrmak boýunça çemeleşmesini beýan etdi
29 Iýun 2026
Horwatiýadaky forumda Türkmenistan parahatçylyk medeniýetini we dialogy pugtalandyrmak boýunça çemeleşmesini beýan etdi

2026-njy ýylyň 26-27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa halkara «Köp polýarlylyk döwri: köp ugurlar, bir geljek» atly halkara Dubrownik forumyna gatnaşmak maksady bilen Horwatiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Köpugurly dünýäde ählumumy gymmatlyklar: biri-birimizden nämäni öwrenip bileris?» atly panel mejlisinde çykyş edip, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini, dialogy, özara hormaty we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzyň çemeleşmesini beýan etdi.

Çykyşda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň konstruktiw häsiýetine hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmekde toplan tejribesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyna, olaryň içerki işlerine goşulmazlyga, jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine, deňhukukly dialoga we BMG-niň Tertipnamasynyň berk berjaý edilmegine esaslanýan halkara tertibiniň tarapdarydygy nygtaldy.

Saparyň dowamynda Bäşimowa Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary Frano Matuşiç bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Taraplar türkmen-horwat gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Bäşimowanyň Bolgariýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Iwanka Taşewa bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar türkmen-bolgar gatnaşyklaryny syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serbiýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Newena Ýowanowiç bilen hem duşuşyk geçirdi. Taraplar türkmen-serb hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler hem-de Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar