Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony Belarusyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
03 Iýul 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony Belarusyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.