Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) halkara bilermeni Jim Newkirk bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna, bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerine hem-de gazanylan üstünliklere netijeli baha bermekden ybarat boldy. Bu barada gullugyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda Port gözegçilik toparlarynyň alyp barýan işleri, guralan bilelikdäki okuw-türgenleşik çäreleri we ýokary derejeli duşuşyklar barada durlup geçildi. Şeýle hem serhetýaka sebitlerindäki bilelikdäki türgenleşikleri we gümrük işgärleriniň dil taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Mejlisde UNODC bilen ýakyn bäş ýyl üçin hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna uly üns berildi. Taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maddy-tehniki we hünär mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň we meýilnamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.