Türkmenistanyň ulag-üstaşyr ulgamy soňky ýyllarda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentiň başlangyçlary esasynda bu pudakda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman awtomobil ýollary, demir ýollar, deňiz ulag düzümleri, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary yzygiderli ösdürilýär. Bu işler diňe bir ýurduň içerki ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň halkara ulag-logistika giňişligindäki ornuny hem pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebit we yklym derejesinde möhüm üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegine şert döredýär. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak arkaly ýurt Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşindäki ulag geçelgelerini ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Munuň netijesinde diňe bir milli ykdysadyýet däl, eýsem, sebitiň söwda, medeni we ykdysady gatnaşyklary hem täze ösüş depginine eýe bolýar.
Soňky ýyllarda awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze demir ýol ugurlarynyň gurulmagyna we deňiz flotunyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. Bu taslamalar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş Ýewraziýa giňişliginde ygtybarly ulag hyzmatdaş hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär. Şeýle hem ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary söwdany giňeltmek, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we sebitde durnuklylygy üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegine hyzmat edýär.
Bu ugurda amala aşyrylan iň iri taslamalaryň biri Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoludyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynda Mary – Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi bilen bu halkara ähmiýetli ýol taslamasy dolulygyna tamamlandy. Täze awtomagistral logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ugurlaryny giňeltmäge, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga we ýolagçy gatnawlaryny has amatly guramaga giň mümkinçilik açdy. Mundan başga-da, ýol arkaly ýurduň çäginden geçýän halkara ýük dolanyşygynyň möçberi artýar hem-de Özbegistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze şertler döredilýär.
Türkmenistanyň ulag ulgamynda Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler aýratyn strategik ähmiýete eýedir. Bu desgalar diňe bir ýurduň dürli sebitleriniň arasynda ygtybarly aragatnaşygy üpjün etmän, eýsem, ykdysady ösüşe hem güýçli itergi berýär. Şeýle taslamalaryň ilkinjileriniň biri 2009-njy ýylyň sentýabrynda ulanylmaga berlen Kerki – Kerkiçi demir ýol köprüsidir. Çylşyrymly inženerçilik çözgütleriniň esasynda gurlan bu desga ýük daşamalaryň çykdajylaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän senagat taslamalarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeledi.
Bu taslamanyň dowamy hökmünde 2013-nji ýylyň fewralynda Kerki – Kerkiçi awtomobil köprüsi açyldy. Täze ulag geçelgesi ýurduň ulag ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldip, derýanyň iki kenarynda ýaşaýan ilatyň gatnawyny ep-esli ýeňilleşdirdi. Şeýle hem sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine goşmaça şertleri döretdi.
Amyderýanyň üstünden gurlan nobatdaky iri taslamalaryň biri Türkmenabat – Farap demir ýol we awtomobil köprüleridir. Öňki demir ýol köprüsiniň uzak ýyllaryň dowamynda ulanylmagy sebäpli täze döwrebap desgalaryň gurluşygy barada çözgüt kabul edildi. Netijede, uzynlygy 1750 metre barabar bolan täze demir ýol köprüsi 2017-nji ýylyň mart aýynda ulanylmaga berildi. Ýokary tehniki talaplara laýyk gurlan bu desga halkara demir ýol gatnawlarynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrdy.
Şol döwürde täze demir ýol köprüsiniň golaýynda awtomobil köprüsiniň gurluşygy hem üstünlikli tamamlandy. Dört hatarly bu köpriniň ini 21,5 metre deň bolup, ulag hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen oňa barýan alty kilometrlik sowma ýollar hem guruldy. Şeýle hem pyýadalar üçin ýörite ýodalar göz öňünde tutuldy. Bu çözgütler ulag akymynyň howpsuz we bökdençsiz hereket etmegine mümkinçilik berýär.
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem-de Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler diňe bir Türkmenistanyň ulag ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrýan desgalar däl. Olar sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we halkara üstaşyr geçelgeleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna hem uly goşant goşýar. Şeýle taslamalar Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň iş ýüzündäki beýany bolup çykyş edýär.
Ýollar döwletleri ýakynlaşdyrýar, köprüler bolsa halklary birleşdirýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ulag-ýol infrastrukturasynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem, sebit hyzmatdaşlygynyň we halklaryň abadançylygynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Milli Lideriň parasatly başlangyçlary we hormatly Prezidentiň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň we halkara abraýynyň has-da berkemegine hyzmat edýär.