Türkmenistanda welosporty ösdürmek boýunça täze halkara çäresi geçiriler
25 Iýul 2026
Türkmenistanda welosporty ösdürmek boýunça täze halkara çäresi geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda meýilleşdirilýän bu sport çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Ýygnanyşygyň çäklerinde usuly-okuw maslahatlaryny we beýleki ugra degişli çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty ösdürmek we zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda welosport boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny guramaçylykly geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy.